«Ahal» «Nebitçini» ynamly utdy - 2:0

MilliInfo

7 Awgust, 2025

Türkmenistanyň futbol çempionatynyñ 15-nji tapgyrynyň açylyş oýnunda «Ahal» öz meýdançasynda «Nebitçini» kabul etdi. Oýnuň birinji ýarymynyň köp böleginde «Ahalyň» futbolçulary topy özlerinde saklamagy başardylar.

11-nji minutda «Ahalyň» ýarymgoragçysy Nazar Towakelow topy kellesi bilen derwezä gönükdirip, hasaby açmagy başardy (1:0). Duşuşygyň netijesini kesgitleýän ikinji goly 27-nji minutda hüjümçi Magtymberdi Berenow derwezeden geçirdi (2:0). Şeýlelikde, çempionatyň ýaryş tertibinde «Ahal» (31 utuk) ikinji, «Nebitçi» (15 utuk) bolsa bäşinji orunda barýarlar. 

 «Ahal»  2:0 «Nebitçi»

Geçirilen ýeri: «Nusaý» st. (Aşgabat şäheri)

Gollar: 11 Nazar Towakelow, 27 Magtymberdi Berenow («Ahal»).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo