Alty tapgyrda ýekeje utuk hem ýitirmedik «Arkadag» kluby ýaryş tertibiniň başyny çekýär

MilliInfo

4 Maý, 2026

Alty tapgyrda ýekeje utuk hem ýitirmedik «Arkadag» kluby ýaryş tertibiniň başyny çekýär

2-3-nji maýda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Şol tapgyrdan soň utuklarynyň sanyny 18-e ýetiren «Arkadag» topary ýaryş tertibinde öňdeligi elden bermeýär. Ikinji ýeri 13 utugy bolan «Altyn Asyr» kluby eýelese, «Ahal» üçünji orunda barýar — 11 utuk.

6-njy tapgyryň duşuşyklary:

  •  «Merw» – «Köpetdag» – 2:1

Gollar: 32, 90+5 Guwanç Berdimyradow («Merw») – 47 Batyr Aşyrow («Köpetdag»)

 

  • «Ahal» – «Nebitçi» – 1:0

Gol: 90+8 Süleýman Mirzoýew (11 m.j.u) («Ahal»)

 

  •  «Altyn Asyr» – «Şagadam» – 2:0

Gollar: 15 Abdyrahman Annamyradow, 74 Toýly Batyrow (ö.d)

 

  • «Arkadag» – «Aşgabat» – 3:0

Gollar: 44 Güýçmyrat Annagulyýew, 63 Resul Hojaýew, 69 Rahman Myratberdiýew («Arkadag»)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info