Ilon Maskyň «SpaceX» kompaniýasy «Nasdaq» biržasynda taryhda ilkinji gezek paýnamalarynyň köpçülikleýin söwdasyny (IPO) geçirdi. Söwdalaryň ilkinji gününde — 12-nji iýunda aerokosmos ägirdiniň gymmatly kagyzlarynyň bahasy 18,33% ýokarlanyp, bir aksiýa üçin 159,75 dollara ýetdi (Aşgabat wagty bilen sagat 20:51-däki ýagdaýa görä). Aksiýalaryň başlangyç baha goýluşy 135 dollar bolupdy.
IPO-nyň çäklerinde kompaniýa 75 milliard dollar maýa çekdi. Bu bolsa Saud Arabystanynyň «Saudi Aramco» döwlet kompaniýasynyň 2019-njy ýylda 25,6 milliard dollar maýa çekip goýan ozalky taryhy rekordyndan tas üç esse köpdür.
Söwdalar tamamlanansoň, Ilon Maskyň «SpaceX-däki» paýy, takmynan, 830 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Onuň «Tesla» kompaniýasyndaky paýyny (290 milliard dollar) hem hasaba alanyňda, telekeçiniň umumy maýasy 1,1 trillion dollara ýetdi.
«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, maýadarlaryň kompaniýanyň gymmatly kagyzlaryna bolan gyzyklanmasy juda uly boldy — arzalaryň möçberi hödürlenen mukdardan dört esseden hem köpdür.
«Hill.com» platformasynyň seljermesine görä, şowly IPO-nyň netijesinde «SpaceX-iň» aksiýalaryna eýe bolan (şol sanda öwez tölegi hökmünde alan) 4,4 müňden gowrak häzirki we öňki işgäri resmi taýdan dollar millionerine öwrülip biler. Olaryň käbiriniň elinde on müňlerçe gymmatly kagyz bar.
