Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi boş iş orunlarynyň sanawyny hödürleýär

MilliInfo

2 sagat öň

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi boş iş orunlarynyň sanawyny hödürleýär

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary ýurdumyzyň kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda boş iş orunlarynyň bardygyny habar berýärler.

Şeýlelikde, dürli käri bolan hünärmenlere ham-da iş tejribesi bolmadyk dalaşgärlere boş iş orunlarynyň doly sanawy, olara bildirilýän hünär talaplary we iş berijiler bilen habarlaşmak üçin maglumatlar bilen tanyşmak teklip edilýär.

Welaýatlar boýunça boş iş orunlarynyň giňişleýin sanawyny görmek üçin şu salgylanma boýunça tanşyp bilersiňiz:

Iş orunlaryny görkezýän resminama (PDF)

Maglumatlar iş berijiler tarapyndan 2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda berlen görkezijileriň esasynda taýýarlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info