15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.
Bu ýerde gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý, sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen halkara özara hereketleriň ugurlary bilen bagly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalarynyň ornuna bagyşlanan pikir alyşmalaryň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ynsanperwer kömekleri bermekde, Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmekde, döwlet institutlaryny pugtalandyrmakda hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly Owganystany goldamaga gönükdirilen yzygiderli garaýşyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystany sebit integrasiýa ýagdaýlarynyň möhüm gatnaşyjysy hökmünde görýändigi we ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň çekilmegini goldaýandygy nygtaldy.
Türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen sebit döwletleri, Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara guramalary bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
