Dünýäniň birinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras Awstraliýanyň açyk çempionaty — 2026-nyň ýeňijisi boldy. Ol finalda «Uly tuwalga» ýaryşlarynyň 24 gezek çempiony, serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňmegi başardy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy.
Tennisçileriň arasyndaky oýun 3 sagat 2 minut dowam etdi.
Şunlukda, Alkaras ilkinji gezek «Australian Open» ýaryşynyň ýeňijisi boldy, mundan ozal ol çärýek finaldan aňry geçip bilmändi.
Ol ispan türgeni Jokowiç bilen özara garşydaşlygynda hem hasaby deňledi — indi tennisçileriň her birinde bäş ýeňiş bar. Şunda olar «Uly tuwalga» ýaryşlarynyň finallarynda iki gezek — 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Uimbldonda duşuşypdylar. Iki oýunda-da ispan tennisçisi ýeňiş gazanypdy. Serbiýaly türgen bolsa 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň finalynda Alkarasy ýeňipdi. Ýeri gelnde bellesek, «Australian Open» ýaryşynyň geçen gezekki möwsüminde Jokowiç Alkarasy çärýek final tapgyrynda bäsleşikden çykarypdy.
Alkaras 22 ýaşynda. Onuň hasabynda ýekeleýin bäsleşiklerde 25 ATP çempionlyk atlary bar.
Jokowiç 38 ýaşynda. Serbiýaly tennisçi jemi 101 gezek ATP-niň çempiony diýen ada eýe boldy.