Düýn — 10-njy fewralda agşam Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» futbol klubynyň wekiliýeti Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Saud Arabystanynyň topary AFK Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» topary bilen güýç synaşar.
Oýnuň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda saudlylaryň toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş türkmen topragynda gyzgyn garşylanandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Biz Aşgabatda bolýandygymyza örän şat. Munuň özi toparymyz üçin möhüm we jogapkärli sapar, biz ertirki oýna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» — diýip, hünärmen belledi.
Rowaýata öwrülen hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nassryň» düzüminde ýoklugy metbugat maslahatynyň esasy habary boldy. Žurnalistleriň sowallaryna jogap beren tälimçi portugaliýaly ýyldyzyň içerki çempionatyň möhüm duşuşyklaryna taýýarlyk görmek üçin klubyň ygtyýarynda galandygyny düşündirdi.
«Oýun meýilnamamyz örän dykyz, şol sebäpli hem, biz öňdebaryjy oýunçylarymyzyň güýjüni dogry paýlamaly bolýarys» — diýip, Žezuş sözüniň üstüni ýetirdi.
Aşgabat şäheri baradaky ýakymly täsirlerini «Al-Nassryň» derwezeçisi Bento hem paýlaşdy. Braziliýaly derwezeçi Aşgabadyň gözelligine we myhmanpazyrlyk gurşawyna aýratyn ünsi çekdi.
«Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk şu gün — 11-nji fewralda geçiriler. Oýnuň başlanýandygyny yglan edýän jürlewük sesi 18:45-de ýaňlanar.