Alabaý itleri ýetişdirmek boýunça hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň möhüm sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy

MilliInfo

11 sagat öň

Düýn — 16-njy dekabrda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

...Şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.

Soňra «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy. Şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew çykyş edip, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan iberen Gutlagy barada-da durlup geçildi. Onda bellenilişi ýaly, alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek itşynaslyk babatdaky giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy goramak we wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtalýar.

Soňra dabara Aşgabat atçylyk sport toplumynda dowam etdi. Toplumyň açyk manežinde taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň şöhrat gazanan alabaýlarynyň we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň görkezilişi boldy. Bu çäre joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabara gatnaşan ýurdumyzyň itşynaslary alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info