Albaniýada emeli intellekt boty korrupsiýa garşy göreş alyp barjak ministriň wezipesine bellendi

MilliInfo

Albaniýada dünýäde ilkinji gezek emeli intellekt tehnologiýasy ministr wezipesine bellenildi. «e-Albania» platformasynda wirtual kömekçiniň wezipesini ýerine ýetirýän Diella çat-boty indiden beýläk döwlet satyn almalaryna jogap berer. Häkimiýetler ony satyn alyp ýa-da gorkuzyp bolmajakdygyny aýdýarlar we tender ulgamyny korrupsiýadan halas etmeli şahsyň hem hut şonuň özidigini belleýärler.

Premýer-ministr Edi Ramanyň başlangyjy ýurduň reforma taýýardygyny görkezmek maksadyny göz öňünde tutýar, ýöne hünärmenler we raýatlar beýle çözgüdiň ygtybarlylygyna şübhe bildirýärler. Olar hatda boty hem «ykdysady jenaýatlara şärik edip bolýar» diýen pikiri öňe sürýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo