Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag hatyny ýollady

MilliInfo
Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag hatyny ýollady

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.

«Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde we halkara giňişlikde täze üstünlikleri gazandy» — diýip, Aleksandr Lukaşenko Gutlag hatynda belleýär.

Ol hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info