Aleksandr Oweçkin NHL-ň taryhynda 900 şaýba geçiren ilkinji hokkeýçi boldy

MilliInfo

6 Noýabr, 2025

Russiýaly hüjümçi, «Waşington Kepitals» toparynyň kapitany Aleksandr Oweçkin Milli Hokkeý Ligasynyň (NHL) taryhynda ilkinji bolup regulýar çempionatlaryň dowamynda 900 şaýbanyň belligine ýetdi.

6-njy noýabrda «Waşington» topary NHL-ň yzygiderli çempionatynyň oýnunda «Sent-Luis Bluýes» toparyny 6:1 hasabynda ýeňdi. Oýnuň ikinji döwüniň üçünji minutynda Aleksandr Oweçkin bir gezek tapawutlanyp, nobatdaky üstünligi bilen sportuň taryhyna girdi.

Russiýaly hokkeýçi 1999-njy ýylda goýlan we 894 şaýbadan ybarat bolan Ueýn Gretskiniň rekordyny täzeläp, täze derejä çykdy.

27-nji noýabra geçilýän gije «Waşington Kepitals» topary «Winnipeg Jets» bilen boljak oýnuň öňüsyrasynda ýörite dabaraly çäre geçirer. Bu dabara Oweçkiniň NHL-ň taryhynda 900 şaýba geçiren ilkinji oýunçy bolmagy hem-de bir toparyň düzüminde 1500 oýna çykan taryhda sekizinji oýunçy bolandygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylar.

Aleksandr Oweçkin häzirki wagtda 40 ýaşynda. Ol Russiýanyň milli ýygyndysy bilen üç gezek dünýä çempiony boldy (2008, 2012, 2014). 2018-nji ýylda bolsa Oweçkin «Waşington Kepitals» topary bilen Stenliniň Kubogyny gazandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo