Aleksandr Oweçkiniň NHL-däki ahyrky möwsüminiň hormatyna suratly kagyz petekler hödürlener

MilliInfo

11 Sentýabr, 2025

 «Waşington Kepitalz» hokkeý kluby rus hüjümçisi Aleksandr Oweçkiniň hormatyna Milli Hokkeý ligasynyň (NHL) täze — 2025/26 möwsüminde «Klub Red 365» maksatnamasynyň agzalary üçin kagyz peteklerini hödürlär. Bu barada «Russian Machine Never Breaks» portaly habar berdi.

Täze möwsümde diňe «Klub Red 365» maksatnamasynyň agzalary üçin çap ediljek petekleriň ýüzünde «Waşington Kepitalz» hokkeý klubynyň rowaýata öwrülen hüjümçisi Aleksandr Oweçkiniň we onuň topardaşlarynyň birnäçesiniň suraty ýerleşdiriler.

Bu mahabat işi 40 ýaşly Aleksandr Oweçkiniň ahyrky (NHL-däki 21-nji) möwsümi bilen baglydyr.

«Waşington Kepitalz» kluby Stenliniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň plaý-off duşuşyklary we onuň geljekki möwsümi üçin elektron petekleriň satuwynyň ýola goýuljakdygyny hem mälim etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo