Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» ýaryşynda tutluşar

MilliInfo
Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» ýaryşynda tutluşar

Erkin göreşiň türkmen ussady Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşynda amerikaly Kaýl Deýk bilen tutluşar. Bu tutluşyk 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçiriljek ýaryşyň çäginde guralar.

Alp Arslan Begenjow täze erkin göreş boýunça milli mekdebimiziň taryhynda mynasyp ornuny tapan ussatlaryň biridir. 20 ýaşly türgen 2024-nji ýylda Pontewedrada 79 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolmagy başarypdy. Şu ýyl bolsa 86 kilograma çenli agram derejesinde Bratislawada geçen ýetginjekleriň dünýä çempionatyny bürünç medal bilen jemledi.

Kaýl Deýk hem uly üstünliklere eýe bolan türgendir. Ol Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalynyň eýesidir. RAF ýaryşynda «Cruiserweight» diwizionynda çykyş etmek bilen, häzirki wagtda liganyň çempionydyr.

«RAF Abu-Dabi» ýaryş agşamynyň esasy göreşinde Hamzat Çimaýew bilen Kolbi Kowington «Cruiserweight Crossover» diwizionynda çempionlyk ugrundaky göreşde tutluşar. Bu bolsa ýaryşyň derejesini görýän maglumatdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info