Alp Arslan Begenjow ýaşlaryň arasynda (U23) Aziýanyň çempiony boldy

MilliInfo

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Da Nang şäherinden gelip gowşan hoş habarda türkmen pälwanlarynyň 23 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda gazanan üstünligi buşlanylýar. 18 döwletden 83 türgeni jemlän ýaryşa gatnaşan erkin göreş boýunça ýygyndy toparymyza zehinli göreşijilerimiziň 6-sy wekilçilik etdi.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysynyň agzalary ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 4 medal — 1 altyn we 3 bürünç medal getirmegi başardylar.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Iň uly üstünlik Alp Arslan Begenjow tarapyndan gazanyldy. 86 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz hindistanly Mor Saçini, özbegistanly Boburbek Ruzimboýewi hem-de gazagystanly Abylaikhan Uzembaýewi ýeňip, 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy.

Ildeşlerimiziň ýene üçüsi bolsa bürünç medallara eýe çykdylar.

Çempionat şu gün jemlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info