Şu gün — 31-nji oktýabrda ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky toparçasyndaky üçünji duşuşygyny geçirýär. Türkmen topary Omanyň «Al-Şabab» toparynyň garşysyna çykýar.
Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 14:00-da başlanýar.
Ýeri gelende bellesek, ildeşlerimiz liganyň Günbatar zolagynda çykyş edip, bu sebitiň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde Butanda geçirilýär.
Türkmen ýygyndysynyň toparçadaky birinji oýnunda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparyny 1:0, ikinji duşuşygynda bolsa Butanyň «Paro» klubuny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.