«Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyna ýeňiş bilen başlady

MilliInfo

25 Oktýabr, 2025

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýän paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary ilkinji duşuşygyny ýeňiş bilen jemledi. Deslapky tapgyrda «A» toparçada çykyş edýän paýtagtymyzyň topary birinji oýnunda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen toparyna ýeňiş getiren topy 58-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi.

Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Butan döwletinde geçirilýän «A» toparçada, şeýle-de, ýer eýeleriniň «Pato» hem-de Omanyň «Al-Şabab» klublary çykyş edýär. «Altyn Asyryň» ikinji tapgyrdaky garşydaşy «Pato» topary bolar. Bu duşuşyk 28-nji oktýabrda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň Çagyryş ligasynda Günbatar hem-de Gündogar zolaklar bolup, toparlaryň 8-si çärýek finala çykmaga mümkinçilik alarlar. Paýtagtymyzyň toparynyň çykyş edýän Günbatar zolagynda toparçalaryň üçüsi bolup, olaryň ýeňijileri hem-de ikinji orna eýe bolanlardan iň gowy netije görkezen klub çärýek finala çykmaga mümkinçilik alar.

Abraýly ýaryşyň iki oýundan ybarat bolan (öz meýdanynda we myhmançylykda) utulan-çykdy tapgyry 2026-njy ýylyň mart aýynda geçiriler.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo