11-12-nji aprelde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Myhmançylykda «Köpetdag» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Altyn Asyr» hem-de «Aşgabady» 3:1 hasaby bilen ahmyrda goýan «Şagadam» toparlary toplan 6 utukdan topladylar. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Merw» topary «Nebitçini» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu oýunlar 11-nji aprelde guraldy.
«Merw» – «Nebitçi» – 4:1
Gollar: 13 Mekan Ýazmyradow, 22 Abdyresul Abdyýew, 34 Ali Haýdarow, 72 Guwanç Berdimyradow («Merw») – 4 Begenç Mämiýew («Nebitçi»)
«Aşgabat» – «Şagadam» – 1:3
Gollar: 30 Nurylla Raýimbaýew («Aşgabat») – 10 Söhbet Allanurow, öz derwezesine, 25, 59 Serdar Gulyýew, («Şagadam»)
«Köpetdag» – «Altyn Asyr» – 0:3
Gollar: 33 Röwşengeldi Halmämmedow, 55 Begençmyrat Myradow, 67 Mekan Aşyrow («Altyn Asyr»)
12-nji aprelde «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyry jemlenildi.
«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» topary garşydaşyndan 1:0 hasabynda üstün çykmagy başardy. Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 6 utukdan toplan «Arkadag», «Altyn Asyr» hem-de «Şagadam» toparlary öňdäki orunlary eýeleýärler.
«Arkadag» – «Ahal» – 1:0
Gol: 64 Didar Durdyýew (11 m.j.u.) («Arkadag»)
Ýeri gelende bellesek, 2-nji tapgyryň birinji oýun gününde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi: «Merw» – «Nebitçi» – 4:1, «Köpetdag» – «Altyn Asyr» – 0:3, «Aşgabat» – «Şagadam» – 1:3.