«Altyn Asyr» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyna başlaýar

MilliInfo

24 Oktýabr, 2025

Ertir — 25-nji oktýabrda ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyna başlaýar. Günbatar zolagyň «A» toparçasyna wekilçilik edýän türkmen topary birinji oýnunda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynyň garşysyna çykar. Butanda boljak oýun 14:00-da başlanar.

«Altyn Asyr» toparçadaky ikinji duşuşygyny 28-nji oktýabrda Butanyň «Paro» topary bilen geçirer. Ildeşlerimiziň toparçadaky çykyşy 31-nji oktýabrda Omanyň «Al-Şabab» klubunyň garşysyna geçiriljek oýun bilen jemlener.

Toparçalaýyn duşuşyklaryň ählisi merkezleşdirilen görnüşde Butanda geçer. Çärýek we ýarym final duşuşyklary (2 oýundan) mart we aprel aýlarynda bolar. Final oýnuň bolsa 2026-njy ýylyň 9-njy maýynda guralmagyna garaşylýar.

Belläp geçsek, ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary geçen möwsümde bu ýaryşyň çempiony bolmagy başarypdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo