«Altyn Asyryň» AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky duşuşyklarynyň seneleri belli boldy

MilliInfo

30 Awgust, 2025

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalarynyň bijeleri çekilenden soň ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklarynyň anyk seneleri kesgitlenildi. Bu halkara ýaryşda Türkmenistandan «Altyn Asyr» futbol topary çykyş edýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, jemi 20 klubuň gatnaşýan ýaryşynda toparlar 5 toparça bölündiler. Çekilen bijä laýyklykda, «Altyn Asyr» futbol kluby «A» toparçada çykyş edýär. Onuň garşydaşlary: «Al-Şabab» (Oman), «Paro» (Butan), «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan). «A» toparçanyň duşuşyklary Butanyň paýtagty Tumfuda geçer. Toparçalaýyn duşuşyklaryň ählisi merkezleşdirilen görnüşde 25-nji oktýabr — 1-nji noýabr aralygynda geçiriler.

«Altyn Asyryň» toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň tertibi:

25-nji oktýabr (şenbe)

  • «Altyn Asyr» – «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan)

28-nji oktýabr (sişenbe)

  • «Paro» (Butan) - «Altyn Asyr»

31-nji oktýabr (Anna)

  • «Altyn Asyr» – «Al Şabab» (Oman)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo