Aşgabatdaky Amerikan merkezi ýaşlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen täze bilim maksatnamalaryna kabul edişligiň başlanýandygyny yglan edýär.
Şunlukda, üç aýa uzajak we gatnaşyjylara isleg bildirilýän IT hünärlerini özleşdirmäge kömek etjek programmirleme boýunça iki ýöriteleşdirilen okuw 28-nji ýanwardan başlanar.
Web-işläp taýýarlamalar boýunça okuwlar 19-dan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin niýetlenendir. Diňleýjiler häzirki zaman saýtlaryny döretmegi, «Front-end» ýa-da «Back-end» ugurlarynda işlemek üçin zerur bolan döwrebap programmirleme dillerini we gurallaryny öwrenerler.
Mobil goşundylary işläp düzmek okuwlary (App Development) mekdepleriň uly synp okuwçylary üçin niýetlenip, bu sapaklar ýaşlara öz mobil önümlerini döretmekde ilkinji ädimleri ätmäge ýardamyny ýetirer.
Okuw maksatnamalaryna gatnaşmak isleýänler 24-nji ýanwara çenli onlaýn arzalary doldurmalydyrlar. Sapaklar bolsa 28-nji ýanwardan başlanar.
Arzalary ýollamak üçin bellenen salgydan peýdalanyp bilersiňiz: https://bit.ly/techlab2026.