Aşgabatdaky Amerikan merkezi «NASA Space Apps Challenge 2026» kosmos hakatonyna çagyrýar

MilliInfo

27 Awgust, 2026

Aşgabatdaky Amerikan merkezi «NASA Space Apps Challenge 2026» kosmos hakatonyna çagyrýar

26-njy awgustda «NASA Space Apps Challenge 2026» halkara hakatonyna gatnaşmak üçin resmi bellige alyş başlandy. Oňa gatnaşmaga mekdep okuwçylary, talyplar, IT hünärmenleri, barlagçylar we ylma gyzyklanma bildirýänleriň ählisi çagyrylýar.

Bäsleşik 14–15-nji noýabrda Aşgabatdaky Amerikan merkeziniň binýadynda geçiriler. 2026-njy ýylyň şygary «Täze gözýetimleri açmaga taýyn boluň» (Be ready to open New Horizons) diýlip atlandyryldy. Gatnaşyjylar NASA-nyň açyk maglumatlar binýadyndan peýdalanyp, kosmos pudagy, ekologiýa we öňdebaryjy tehnologiýalar üçin amaly çözgütleri işläp düzmelidirler.

Taslamanyň esasy maksady — ylmy maglumatlary Ýer ýüzüniň zerurlyklary hem-de geljekde Aýy we Marsy özleşdirmek üçin amaly işläp taýýarkamalara öwürmekden ybaratdyr. Ýaryşa islendik adam mugt we ýaş çäklendirmesiz gatnaşyp biler (kämillik ýaşyna ýetmedik gatnaşyjylar ene-atasynyň ýa-da hossarynyň ugratmagynda bolmalydyr).

Taslamalaryň tanyşdyrylyşyna NASA-nyň bilermenleri we degişli pudak hünärmenleri baha berer. Ählumumy finalçylaryň sanawy 2026-njy ýylyň dekabrynda çap ediler, ýeňijiler bolsa 2027-nji ýylyň ýanwarynda yglan ediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info