4-nji martyndan 19-njy marta çenli 2027-nji maliýe ýyly üçin H-1B iş wizasy boýunça başlangyç hasaba alyş döwri dowam eder. Bu barada ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa gullugy (USCIS) habar berdi.
Hasaba alyş döwri 4-nji martda gündogar wagty bilen sagat 12:00-da başlanar we 19-njy martda 12:00-da ýapylar. Bellenen möwsümde H-1B wizasyna degişli iş berijiler we olaryň wekilleri her bir dalaşgäri ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa gullugynyň onlaýn hasaby arkaly elektron görnüşde hasaba almaly we her hasaba alyş üçin 215 dollar möçberinde töleg etmeli bolarlar.
H-1B wizasy boýunça ýüz tutýandygyna garamazdan, heniz USCIS onlaýn hasaby bolmadyk iş berijiler bolsa guramaçylyk hasabyny döretmelidirler. Şunda wekilleriň müşderilerini öz hasaplaryna öňünden goşup biljekdiklerini, ýöne dalaşgärleriň maglumatlaryny girizmegiň we töleg geçirmegiň diňe 4-nji martdan soň mümkin boljakdygyny ýatladýarys.
ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa gullugy saýlama işleriniň hasaba alyş döwrüniň tamamlanmagyndan soň geçiriljekdigini we 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli saýlanan ýüztutmalar boýunça bildirişleriň USCIS onlaýn hasaplary arkaly iberiljekdigini mälim etdi. Şunlukda, diňe saýlanan dalaşgärler boýunça iş berijilere H-1B wiza ýüz tutmasyny resmileşdirmäge rugsat berilýär.
Ýeri gelende bellesek, Içeri Howpsuzlyk Departamenti (DHS) H-1B wizalarynyň saýlanyş tertibini üýtgedýän täze düzgüni kabul etdi. Täze düzgün boýunça has ýokary hünärli işgärlere ähmiýet berilýär.