«Amul — Hazar» atly ýörişi: 35 atly Merw topragyna geldi

MilliInfo

1 sagat öň

«Amul — Hazar» atly ýörişi: 35 atly Merw topragyna geldi

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň bellenilip geçilen 35 ýyllyk şanly toýunyň hormatyna 35 sany ahalteke bedewine atlanan ýigitler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edip, kesgitlenen menzilleri agzybirlikde geçýärler. 12-nji noýabrda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda badalga berlen «Amul — Hazar» atly ýörişiniň üçünji gününde behişdi bedewleri hemra edinen ýigitler Mary welaýatyna geldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Atly ýörişiň geçirilmeginiň şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport boýunça çäreleriň maksatnamasyndan ugur alýandygyny bellemek gerek. Bu ýöriş ýurdumyzda atçylyk sportunyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Özboluşly bäsleşige atçylyk sporty bilen gyzyklanýan türgenlerdir ussat seýisler ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Uzak aralyga geçirilýän şeýle atly ýörişler türkmen bedewleriniň çydamlylygyny, çapyksuwarlaryň erjelligini, yhlasyny alamatlandyrýar.

Ýörişe gatnaşýan atlaryň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Ahalteke bedewlerine atlanan, giň sähralykdan çar ýany synlap barýan atlylar kä depginli, käte pessaý çapyp, menzillerini külterleýärler. Şeýlelikde, 14-nji noýabrda «Amul — Hazar» atly ýörişine gatnaşyjy atlylarymyz Mary welaýatynyň çägine girdiler. Taryhda öçmejek uly yz galdyran gadymy Mary topragynda atly ýörişe gatnaşyjylar ýollaryny dowam edip, welaýatyň Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň golaýynda gurnalan 2-nji düşelgä bardylar. Düýn bolsa atly ýörişe gatnaşyjylar «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda düşlediler.

Ýeri gelende bellesek, atly ýöriş üçin kesgitlenilen umumy geçilmeli aralyk 1 müň 755 kilometrdir. Şonuň 108 kilometri Lebap, 461 kilometri Mary, 473 kilometri Ahal, 33 kilometri Daşoguz, 680 kilometri bolsa Balkan welaýatynyň çäginden geçer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info