«Amyderýa» goraghanasynda balyklaryň 36, süýdemdirijileriň 41, guşlaryň 250-ä golaý görnüşi duş gelýär

MilliInfo

58 minut öň

«Amyderýa» goraghanasynda balyklaryň 36, süýdemdirijileriň 41, guşlaryň 250-ä golaý görnüşi duş gelýär

1982-nji ýylda döredilen  «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynda dürli görnüşli ösümlikleriň köp ösmegi onuň haýwanat dünýäsiniň baý bolmagyny şertlendirýär. Şunlukda, goraghananyň haýwanat dünýäsi hem köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Goraghanada oňurgasyz haýwanlaryň ýüzlerçe görnüşi, möýleriň 80-e golaý görnüşi duş gelýär. Tokaýlarda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden Kiriçenkonyň tomusky gojaman teneçiri, agaç hudaýatysy, Boliwaryň hudaýatysy, wyžžyldawuk Antia tomzagy, toraňňynyň serhoş kebelegi, orden lentaly toraňňy kebelegi, tokaý mawy kebelegi, toraňňy pile egriji kebelegi duş gelýär.

Amyderýada, akabalarda, zeýkeşlerde balyklaryň 36 görnüşi ýaşaýar. Olardan söp balygy, uly we kiçi amyderýa pilburny, çortan şekilli akmarka Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Pilburunlar we söp balygy Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabynyň sanawyna hem girizildi. Pilburun balyklary endemik görnüşler bolup, olar diňe Amyderýada ýaşaýarlar.

Goraghananyň çäginde süýrenijileriň 28 görnüşi bolup, olar, esasan, çölde duş gelýärler. Olardan göklors Gyzyl kitaba girizilendir.

Bu ýerde ýylyň dürli möwsümlerinde guşlaryň 250-ä golaý görnüşi ýaşaýar. Bu köp görnüşlilige migrasiýa döwründe goraghananyň uçup geçýän guşlaryň ýolunda ýerleşmegi sebäp bolýar. Guşlaryň 105-e golaý görnüşi goraghananyň çäginde höwürtgeleýär. Olardan Amyderýa sebitinde duş gelýän guşlaryň biri-de amyderýa sülgünidir. Ol endemik hasaplanyp, perleriniň reňki boýunça beýleki sülgünlerden has tapawutly we ýerli şertlere uýgunlaşandyr. Goraghanada sülgünleri emeli usulda köpeltmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Höwürtgeleýän görnüşlerden bürgüt, ýylançy gyrgy, ütelgi, sähra göwenegi, gara ördek, togdary Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Süýdemdirijiler bu ýerde 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýlarda ýabany doňuz, tokaý suguny, çölde keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, tokaý suguny bolsa Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizildi. Tokaý sugunlaryny köpeltmek boýunça geçirilen guramaçylyk işleri netijesinde, goraghana döredileli bäri olaryň sany 3 esse artdy we häzirki döwürde 125 — 130 aralygynda üýtgäp durýar. Sugun gölesini ylmy esasda öwrenmek, emeli usulda idetmek, berjaý edilmeli zooweterinar çärelerini işläp düzmek «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynda ilkinji gezek amala aşyryldy. Goraghanada sugun gölelerini ýarym erkin ýagdaýda ulaltmak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem bu ýerde ýyrtyjy süýdemdirijilerden Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak we gunduz duş gelýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info