Russiýaly MMA söweşijisi Magomed Ankalaýew ýarym agyr agramda UFC-niň çempionlyk adyny ýitirdi — ol Las-Wegasdaky «UFC 320» ýaryş agşamyndaky jogap tutluşygynda braziliýaly Aleks Pereýradan asgyn geldi. Söweş eýýäm birinji raundda nokaut bilen tamamlandy.
Pereýra duşuşyga hüjümler bilen başlady we birbada güýçli urgularyň netijeli tapgyryny geçirdi. Russiýaly söweşiji teýk-daun ulanmakçy boldy, ýöne bu synanyşyk şowsuz tamamlandy. Aleks ýagdaýy tiz seljerdi we Ankalaýewiň üstüne geçmegi başardy — bu bolsa oňa ýeňiş gazanmak üçin amatly ýagdaý döretdi. Braziliýaly söweşiji güýçli tirsek urgularyny geçirip başlady, netijede emin söweşi wagtyndan öň togtatdy. Aleks Pereýra bu çempionlyk söweşinde tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.
2025-nji ýylyň mart aýynda Ankalaýew Pereýrany ýeňip, çempionlyk guşagyny eýeläpdi. Ýöne gaýtadan geçirilen söweşde russiýaly göreşiji bu tituly gorap bilmedi — braziliýaly garşydaşy ondan çempionlyk adyny yzyna aldy.
Bu ýeňlişden soň 33 ýaşly Magomed Ankalaýewiň professional karýerasynda 21 ýeňiş, 2 ýeňliş we 1 deňlik bar, ýene bir söweş bolsa geçirilmedik diýlip ykrar edilipdi. 38 ýaşly Aleks Pereýra ýeňişleriniň sanyny 13-e ýetirdi, ol 3 gezek ýeňildi we UFC-niň iň howply urguçylarynyň biridigini ýene bir ýola subut etdi.

