27-nji sentýabrda Ankaranyň iň beýik binalary bolan Türkiýeniň Söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň jaýy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyň reňki bilen bezeldi.
Haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly ýaşyl Tugumyzyň aýdyň çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy. Türkiýäniň Söwda-senagat palatasynyň we birža birleşiginiň binasynyň beýikligi 140 metr bolup, onuň Ankaranyň iň beýik binalarynyñ biridigini we Türkiýe Respublikasynyň möhüm işewür merkezidigini bellemek zerur.
Bu waka iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr.

