Aşgabatdaky Rus öýi çagalary, mekdep okuwçylaryny, dalaşgärleri we ene-atalary maý aýynda geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrýar. Maksatnamada döredijilik, bilim çäreleri, wiktorinalar, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşyklar we başga-da köp sanly gyzykly täsirer garaşýar.
4-nji maý (duşenbe)
17:00 — «Täze nesil» («Новое поколение») maksatnamasyna bagyşlanan tematik maglumat hem aň-bilim duşuşygy. Ýaş çäklendirmesi: 14+
5-nji maý (sişenbe)
17:00 — G.W.Plehanow adyndaky Russiýa ykdysady uniwersitetine (Plehanow adyndaky RYU) okuwa girmäge isleg bildirýän ýokary synp okuwçylary we liseýleriň talyplary üçin onlaýn görnüşdäki «Açyk gapylar» güni. Ýaş çäklendirmesi: 15+
17:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak. Ýaş çäklendirmesi: 7+
7-nji maý (çarşenbe)
16:30 — «Rus dilinde ýönekeý, batyrgaý we erkin geple!» diýen at bilen rus dili boýunça umumy sapaklar toplumy we amaly okuw. Ýaş çäklendirmesi: 8+
12-nji maý (sişenbe)
17:00 — Maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça aň-bilim sapagy. Ýaş çäklendirmesi: 12+
17:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak. Ýaş çäklendirmesi: 7+
13-nji maý (çarşenbe)
17:00 — A.Newskiniň doglan gününiň 805 ýyllygyna bagyşlanan çäre. Ýaş çäklendirmesi: 7+
17:00 — «Geljegiň hünärleri» mowzugy boýunça umumy sapak we özara çekişme. Ýaş çäklendirmesi: 14+
14-nji maý (penşenbe)
16:30 — «Rus dilinde ýönekeý, batyrgaý we erkin geple!» diýen at bilen rus dili boýunça umumy sapaklar toplumy we amaly okuw. Ýaş çäklendirmesi: 8+
15-nji maý (anna)
17:00 — M.A.Bulgakowyň doglan gününiň 135 ýyllygyna bagyşlanan edebi-teatral agşamy. Ýaş çäklendirmesi: 15+
18-nji maý (duşenbe)
17:00 — I.M.Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetine (Seçenow uniwersiteti) okuwa girmäge isleg bildirýän ýokary synp okuwçylary we liseýleriň talyplary üçin onlaýn görnüşindäki «Açyk gapylar» güni. Ýaş çäklendirmesi: 15+
19-nji maý (sişenbe)
17:00 — Tretýakow galereýasynyň düýbüniň tutulmagynyň 170 ýyllygyna bagyşlanan çäre. Ýaş çäklendirmesi: 15+
17:00 — Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetine (NÇDMU) okuwa girmäge isleg bildirýän ýokary synp okuwçylary we liseýleriň talyplary üçin onlaýn görnüşindäki «Açyk gapylar» güni. Ýaş çäklendirmesi: 15+
17:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak. Ýaş çäklendirmesi: 7+
20-nji maý (çarşenbe)
17:00 — Slawýan ýazuwy we medeniýeti gününe bagyşlanan döredijilik ussatlyk sapagy (master-klass). Ýaş çäklendirmesi: 7+
21-nji maý (penşenbe)
16:30 — «Rus dilinde ýönekeý, batyrgaý we erkin geple!» diýen at bilen rus dili boýunça umumy sapaklar toplumy we amaly okuw. Ýaş çäklendirmesi: 8+
26-njy maý (sişenbe)
17:00 — Russiýa döwlet ynsanperwer uniwersitetine (RDYU) okuwa girmäge isleg bildirýän ýokary synp okuwçylary we liseýleriň talyplary üçin onlaýn görnüşindäki «Açyk gapylar» güni. Ýaş çäklendirmesi: 15+
17:00 — Şekillendiriş sungaty boýunça sapak. Ýaş çäklendirmesi: 7+
28-nji maý (penşenbe)
16:30 — «Rus dilinde ýönekeý, batyrgaý we erkin geple!» diýen at bilen rus dili boýunça umumy sapaklar toplumy we amaly okuw. Ýaş çäklendirmesi: 8+
29-njy maý (anna)
17:00 — «Geljegiň garaýşy: Arzuwlar kartasy» atly döredijilik ussatlyk sapagy. Ýaş çäklendirmesi: 10+
Çärelere gatnaşmak üçin öňünden ýazylmak hökmandyr: otdel_tm@mail.ru