«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň «Turk Hava Kurumu» uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwlaryň tölegi «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär.
Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri: 23-47-88, +99365-72-58-43
Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almagyň Tertibinde Türkmenistanyň raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, ýaşy 25-den geçmedik oglanlaryň (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýändigi tassyklanyklýar.
Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen ýolbaşçylary tarapyndan ilkinji söhbetdeşlikden, Türkiýe Respublikasynyň «Turk Hava Kurumu» uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden, synagyndan, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar. Dalaşgär «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan geçmek üçin ýollananyndan soňra 15 günüň dowamynda merkez tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany getirip bermäge borçlanýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 8-nji aprelden 30-njy iýun aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);
— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);
— umumy orta we orta-hünär bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabata halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ýa-da harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);
Giriş synaglary iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi hem makullanýar.
Giriş synaglary 1—15-nji iýul aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.
Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (awiakompaniýa, talyp we zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr. Şertnama laýyklykda, talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermäge borçlanýar.
Awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler aşakdakylardan ybarat:
Talybyň okuwy üçin tölegleri (nazaryýet we uçuş türgenleşik);
Talybyň umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleri;
Talybyň okuw ýylynyň başynda Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine barmak we okuwy tamamlandan soňra Aşgabat şäherine gelmek boýunça ýol çykdajylary;
Dalaşgär tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler:
Wizany resmileşdirmek boýunça tölegleri;
Saglyk ätiýaçlandyryş boýunça tölegleri;
Günlik we iýmit çykdajylar;
Kommunikasiýa çykdajylary;
Okuw döwründe ýol çykdajylary.