«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Online taksi» we «Ynamly Taksi» mobil goşundylary arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin sürüjileri işe kabul edýändigini yglan etdi.
Işe kabul edilen sürüjiler sargytlary göni «Online taksi» we «Ynamly Taksi» mobil goşundylaryndan kabul etmeli bolarlar. Şeýlelikde, müşderi gözlemek üçin goşmaça wagt sarp etmezden, golaýdaky sargytlary alyp, hyzmaty netijeli ýerine ýetirmek mümkinçiligine eýe bolar. Dalaşgärleriň degişli iş tejribesiniň bolmagy hem-de «B» derejeli sürüjilik şahadatnamasyna eýelik etmegi talap edilýär.
Goşmaça maglumatlary we işe kabul etmegiň şertlerini anyklamak üçin bellenen telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 44-35-22, (+993 12) 44-35-20, (+993 61) 49-34-95.
