«Apple» kompaniýasy «Siri» ulgamyna ulanyjynyň daş-töweregi baradaky görüş maglumatlaryny kabul etmäge mümkinçilik berjek, içine kamera gurnalan «AirPods» nauşniklerini döredýär. Bu taslama «Apple» kompaniýasynyň «görüş» ukyby bolan emeli aň enjamlaryna geçmek baradaky uzak möhletleýin meýilnamasynyň bir bölegidir.
Kameralaryň nauşnikleriň tutawaçlarynda ýerleşdirilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, enjam maglumatlaryň «bulut» (cloud) ulgamyna iberilýändigini görkezýän ýörite yşykly duýduryjylar bilen üpjün ediler. Ulgamyň esasy wezipesi «Siri» kömekçisini görüş maglumatlary bilen üpjün etmekdir. Has takygy, sesli kömekçi diňe bir ulanyjynyň sözlerini däl, eýsem, onuň hakyky durmuşda görýän zatlaryny hem seljerip biler.
Bu täzelik nauşnikleri emeli aň kömekçisi üçin hemişelik işleýän köptaraply duýujy gurala öwürýär. Çeşmeleriň habar bermegine görä, bu enjamyň 2027-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýär. Kameraly «AirPods» döretmek pikiri «Apple» kompaniýasynyň ilkinji akylly äýnekleri döretmek başlangyjynyň möhüm tapgyry bolup durýar. Akylly äýneklerde daş-töweregi görmek interfeýsiň esasy hyzmaty bolar.
Şonuň bilen birlikde, «Apple» beýleki täze nesil enjamlarynyň, şol sanda eplenýän «iPhone» smartfonynyň ikinji görnüşiniň we liniýanyň 20 ýyllygy mynasybetli ýörite smartfonyň üstünde işleýär. Ýubileý modeliň ekranynyň bir gyrasyndan beýleki gapdalyna çenli bolmagy we eglilen aýna bilen örtülmegi mümkin. Emma bu taslamalar kompaniýanyň has uzak möhletleýin önümçilik strategiýasyna degişlidir.
