«Apple» ilkinji eplenýän smartfonyny, «iPhone 18 Pro» hem-de «18 Pro Max» modellerini tanyşdyrdy

MilliInfo

2 sagat öň

«Apple» ilkinji eplenýän smartfonyny, «iPhone 18 Pro» hem-de «18 Pro Max» modellerini tanyşdyrdy

9-njy sentýabrda «Apple» kompaniýasy «iPhone 18 Pro» we «18 Pro Max» smartfonlaryny tanyşdyrdy. Täze tapgyryň esasy aýratynlygy fiziki taýdan sazlap bolýan diafragmaly esasy kamera moduly we giňişleýin surata düşürmek sazlamalary boldy. Mundan başga-da, smartfonlar has ykjam «Dynamic Island» ulgamyna, 2 nanometrlik «A20 Pro» prosessoryna we has uzak wagtlaýyn awtonom işlemek ukybyna eýe boldy.

«iPhone 17 Pro» bilen deňeşdirilende, smartfonlaryň daşky dizaýny üýtgemedi diýen ýaly. «Apple» 6,3 we 6,9 dýuýmlyk ekranlary, 120 Gs çenli «ProMotion» tehnologiýasyny hem-de alýumin gabarany saklap galdy. Üýtgeşmeler «dinamiki adajyga» (Dynamic Island) degişli boldy: ol has hem kiçeldi we indi bir wagtda üç sany «Live Activities» hadysasyny görkezip bilýär.

Esasy täzelikleriň biri mehaniki taýdan üýtgeýän diafragmaly 48 megapiksellik esasy kamera moduly boldy. Alty sany ýaprajyk (lepestok) diafragmany dört derejäniň arasynda üýtgetmäge mümkinçilik berýär: f/1,48, f/1,8, f/2,8 we f/4. Diafragmany dolandyrmagyň awtomatik tertibi hem bar. Onda algoritmler ýagtylygy we zerur bolan çuňlugy derňäp, iň amatly görkezijini saýlaýar. Üçünji tarap programmalary üçin bolsa ýörite API elýeterlidir.

Adaty kamera goşundysyna «Pro Controls» atly giňişleýin mümkinçilikler toplumy goşuldy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar ekspozisiýany (wyderžkany), ak reňk balansyny we diafragmany dolandyryp bilýärler. Suraty has amatly gözegçilikde saklamak üçin smartfon ekranda gistogrammany görkezýär. Şol bir wagtyň özünde suratlary gaýtadan işlemek algoritmleri täzelendi we dänejik teksturasyny sazlamak mümkinçiligi girizildi. Taýmleps (Time-lapse) wideo ýazgysyny indi «4K Dolby Vision» formatynda ýazdyryp bolýar, kinematografiki öwüşginleri bolsa wideo düşürilenden soň hem goşmak mümkindir.

Kameralaryň beýleki modullary öz häsiýetnamalary boýunça geçen ýylkydan tapawutlanmaýar diýen ýaly: 48 megapiksellik aşa giň burçly modul we ekwiwalent fokus aralygy 100 mm bolan 48 megapiksellik teleobýektiw. Ol 4 esse optiki we «optiki hilinde» 8 esse sanly ulaltmagy (zoom) üpjün edýär. Öň tarapynda bolsa 18 megapiksellik kamera ýerleşdirilen.

Smartfonlaryň öndürijiligine 2 nanometrlik tehnologik proses esasynda öndürilen «Apple» kompaniýasynyň ilkinji «iPhone» çipi bolan «A20 Pro» jogap berýär. Prosessor alty ýadroly CPU, ýedi ýadroly GPU we iki sany 16 ýadroly «Neural Engine» bilen üpjün edildi. Ýadyň geçirijilik ukyby 50% ýokarlandy, GPU bolsa 40% çalt işleýär. Smartfony sowatmak üçin göwrümi we meýdany ulaldylan buglandyryş kamerasy hyzmat edýär.

«iPhone 18 Pro Max» modeliniň wideo tomaşa edilendäki awtonom iş wagty 36 sagada, «18 Pro» modelinde bolsa 45 sagada çenli ýetýär. Fiziki SIM-kartsyz (diňe eSIM) nusgalary has uly sygymly batareýa bilen üpjün edildi, bu bolsa wideo tomaşa etmek wagtyny, takmynan, goşmaça iki sagat uzaldýar. Çalt zarýad beriş ulgamy hem bar: gabat gelýän kabel we zarýad beriji enjam arkaly 15 minutda 50% zarýad alýar.

«iPhone 18 Pro Apple» modeli hususy C2 modemine eýe boldy, tapgyryň iki smartfony hem N1 simsiz aragatnaşyk çipi bilen üpjün edildi. Şeýle hem «Wi-Fi 7», «Bluetooth 6» we «Thread» tehnologiýalary goldanylýar. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, C2 modemi C1X bilen deňeşdirilende energiýany 15% az sarp edýär.

«iPhone 18 Pronyň» bahalary:

  • 256 GB — 1 200 dollardan;

  • 512 GB — 1 400 dollardan;

  • 1 TB — 1 800 dollardan;

  • 2 TB — 2 400 dollardan başlanýar.

«iPhone 18 Pro Max» modeliniň bahalary:

  • 256 GB — 1 300 dollardan;

  • 512 GB — 1 500 dollardan;

  • 1 TB — 1 900 dollardan;

  • 2 TB — 2 500 dollardan başlanýar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda iň köp garaşylan täzelik, insaýderleriň öňünden çaklaýşy ýaly, kompaniýanyň eplenýän ekrana eýe bolan ilkinji smartfony boldy. Oňa «iPhone Duo» ady berildi.

«Apple iPhone Duo 256GB» telefony (gijeki asman reňki)

Modeliň ölçegleri: iOS, 7.6" OLED ekran (1878x2670) 120 Gs, Apple A20 Pro, 12 GB RAM, 256 GB içerki ýat, 48 MP kamera, 5800 mAs Li-ion batareýa, eplenýän ekranly (fold), IP68 suw we tozan goragy.

«Apple iPhone Duo 256GB» telefony (ýyldyzly ak reňk)

Modeliň ölçegleri: iOS, 7.6" OLED ekran (1878x2670) 120 Gs, Apple A20 Pro, 12 GB RAM, 256 GB içerki ýat, 48 MP kamera, 5800 mAs Li-ion batareýa, eplenýän ekranly (fold), IP68 suw we tozan goragy.

Enjamyň korpusy ýylmanan titandan taýýarlanyp, IP68 derejeli gorag bilen üpjün edilen. Aýratyn üns çekiji täzelik: içerki öň (frontal) kamera ekranyň aşagyna şeýle bir içgin gizlenilen welin, displeý açyk wagty hem ol asla görünmeýär. Şol bir wagtyň özünde smartfony doly açylmadyk (ýarym eplenen) ýagdaýda hem ulanmak bolýar. Şeýle edilende ulgamyň interfeýsi açylan goşunda görä awtomatik usulda ulanyja amatly ýagdaýa uýgunlaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info