«Apple» kompaniýasynyň «iPhone» smartfonynyň 20 ýyllygyna taýýarlaýan önümleri barada täze maglumatlar peýda boldy. Hytaýly insaýder «DCS» geljekki «iPhone 20 Pro» we «Pro Max» modelleriniň ekranlarynyň deslapky aýratynlyklaryny mälim etdi, şeýle hem synag edilýän enjamlaryň gurluşy barada gürrüň berdi.
Elýeterli maglumatlara görä, kiçi model diagonaly, takmynan 6,41 dýuým, uly model bolsa, takmynan 6,96 dýuým bolan ekrana eýe bolar. Bu degişlilikde 6,3 we 6,9 dýuýmlyk ekranlar bilen üpjün edilen häzirki «18 Pro» we «Pro Max» modellerindäkiden birneme uludyr. Şol bir wagtyň özünde ekranyň aýdyňlygy (durulygy) hem kämilleşdiriler, emma bu üýtgeşme ujypsyz bolany üçin, şekiliň piksel dykyzlygy öňki adaty derejesinde diýen ýaly saklanyp galar.
Prototipleriň esasy aýratynlygy ekranyň öz formasy bilen baglanyşyklydyr. Ekran paneli dört tarapyndan hem bükülýär, şunuň netijesinde şekiliň daşyndaky çarçuwalar has-da görünmejek derejä ýeter. Şunlukda, synag nusgalarynda häzirlikçe öňdäki kamera üçin aýratyn deşik ýerleşdirilendir.
Şeýle gurluş ozal syzyp çykan maglumatlarda hem agzalyp geçilipdi. «Apple» kompaniýasynyň ýubileý «iPhone» smartfony üçin «Samsung» bilen bilelikde ýörite ekran panelini taýýarlaýandygy habar berlipdi. Inženerler ekranyň gabarsynyň gyralaryna tarap bükülýän ýerlerindäki ýagtylygyň ýitmegini azaltmagyň ýollaryny hem öwrenýärler. Ozal öň tarapdaky kamerasy düýbünden görünmeýän, ýagny ekranyň aşagynda ýerleşdirilen nusganyň suratlary hem peýda bolupdy. Täze maglumatlar bolsa kompaniýanyň işläp taýýarlamak tapgyrynda başga bir çözgüdi hem göz öňünde tutýandygyny görkezýär.
Ýubileý «iPhone» smartfonynyň 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän tanyşdyrylyşyna çenli heniz ýeterlik wagt bar, şonuň üçin enjamyň häsiýetnamalary we daşky görnüşi üýtgäp biler. Hatda smartfonyň ady hem häzirlikçe tassyklanmady: ozal oňa şertli suratda «iPhone 19» diýlipdi, ýöne «Apple» hataryň 20 ýyllygy mynasybetli bu model üçin düýbünden başgaça bir atlandyrmany hem saýlap biler.
