«Apple» kompaniýasy «WWDC 2026» maslahatynyň çäklerinde resmi taýdan «iOS 27» operasion ulgamyny görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri «Siriniň emeli intellekte daýanýan täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme öndürijilige, dizaýna we beýleki funksiýalara hem düýpli üýtgeşmeleri getirdi.
«Apple Intelligence» emeli aň funksiýalarynyň diňe «iPhone 15 Pro» we ondan soňky modellerde elýeterli boljakdygyny bellemek gerek. Has öňki enjamlaryň eýeleri hem öz telefonlaryna «iOS 27» ulgamyny gurnap biler, ýöne olar emeli aň mümkinçilikleriniň köpüsinden peýdalanyp bilmezler.
«Foto» goşundysyndaky üýtgeşmeler
Ulgama suratlary gaýtadan işlemek üçin generatiw emeli aň gurallary goşuldy. Ulanyjylar emeli aňyň kömegi bilen suratlardaky artykmaç zatlary aňsatlyk bilen aýryp, suratyň fonuny onuň çäginden daşary giňeldip we surata düşürilen burçy üýtgedip biler.
Öndürijilik we durnuklylyk
«Apple» kompaniýasy ulgamyň çalt işlemegine aýratyn üns berdi. Resmi tanyşdyrylyşdan mälim bolşuna görä, indi:
programmalar 30% has çalt açylýar;
«AirDrop» arkaly faýllary ibermegiň tizligi 80% ýokarlandy;
öňki «iPhone» modelleriniň işjeňligi we duýgurlygy gowulandyryldy;
«Spotlight» we ulgamyň gözleg funksiýasy gaýtadan işlendi.
Dizaýn üýtgeşmeleri
«Liquid Glass» interfeýsinde durulyk sazlaýjy peýda boldy. Ulanyjylar dizaýn elementleriniň durulyk derejesini özlerine görä sazlap biler. Şeýle hem goşundy nyşanjyklarynyň görnüşi üýtgedildi we interfeýsiň kontrastlygy has kämilleşdirildi.
Beýleki täzelikler:
«iCloud» mümkinçiliginiň umumy albomlary indi «Android» we «Windows» ulgamlary bilen hem işleýär;
«FaceTime» wideoaragatnaşygyna bir wagtyň özünde iki kameradan hem düşürmek mümkinçiligi goşuldy;
«Habarlarda» (Messages) surat çekmek üçin aýratyn programma goşuldy;
Telefon kese öwrülende «Live Activities» funksiýasynyň işjeňligi goldanylýar;
Esasy ekranda ulaldylan wijetler peýda boldy;
Gurlan sagadyň ses derejesini aýratyn sazlamak mümkinçiligi döredildi;
«AirPods» üçin ýöriteleşdirilen ekwalaýzer goşuldy;
Bir telefon belgisini bir wagtyň özünde iki «iPhone» smartfonynda ulanmak mümkinçiligi bar.
«Apple» kompaniýasy tarapyndan berilýän maglumata görä, «iOS 27» ulgamynda jemi 200-den gowrak dürli gowulaşdyrmalar amala aşyryldy.
Goldanylýan enjamlar
«iOS 27» operasion ulgamy ozal «iOS 26» ulgamyny goldan ähli modellerde elýeterli bolar:
«iPhone 11», «11 Pro», «11 Pro Max»
«iPhone 12», «12 mini», «12 Pro», «12 Pro Max»
«iPhone 13», «13 mini», «13 Pro», «13 Pro Max»
«iPhone 14», «14 Plus», «14 Pro», «14 Pro Max»
«iPhone 15», «15 Plus», «15 Pro», «15 Pro Max»
«iPhone 16», «16 Plus», «16e», «16 Pro», «16 Pro Max»
«iPhone 17», «17e», «17 Pro», «17 Pro Max»
«iPhone SE» (ikinji we üçünji nesilleri).
Geljekki «iPhone 18» modelleri bolsa bu ulgam bilen üpjün edilen görnüşde satuwa çykarylar.
Çykjak möhletleri
Işläp düzüjiler üçin niýetlenen beta-görnüşi «WWDC 2026» maslahatyndan soň elýeterli boldy. Köpçülikleýin synaglar bolsa iýul aýynda başlanar. Ähli ulanyjylar üçin «iOS 27» ulgamynyň gutarnykly nusgasy 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirildi.