«Apple» kompaniýasy «iPhone 17e» modelini hödürleýär

MilliInfo

2 sagat öň

«Apple» kompaniýasy «iPhone 17» ugruna güýçli we has elýeterli goşundy bolan «iPhone 17e» modelini yglan etdi. «iPhone 17e-niň» binýadyny ulanyjynyň ähli wezipelerinde aýratyn öndürijiligi üpjün edýän iň soňky nesil «A19» prosessory düzýär. Şeýle-de, «iPhone 17e» «Apple» tarapyndan işlenip düzülen, «iPhone 16e» nusgasyndaky C1-den iki esse çalt işleýän iň soňky nesil C1X öýjükli modemi bilen enjamlaşdyrylandyr.

48 megapiksel ölçegindäki «Fusion» kamerasy täze nesil portretleri we «4K Dolby Vision» wideolaryny goşmak bilen haýran galdyryjy suratlary düşürmäge mümkinçilik berýär. Ol şeýle-de 2 esse optiki teleobýektiw ulaltmagy üpjün edýär — ol iki kamera biri-birine birleşdirilen ýaly täsire eýedir. 6,1 dýuýmlyk «Super Retina XDR» displeýi «Ceramic Shield 2» örtügi bilen üpjün edilip, ol öňki nesle garanyňda çyzylmalardan 3 esse gowy goragy we azaldylan şöhlelenmäni (glare) kepillendirýär.

«MagSafe» arkaly ulanyjylar çalt simsiz energiýa berişden we energiýa berijiler hem-de çehollar ýaly giň aksessuar ekoulgamyna elýeterlilikden peýdalanyp bilerler. Ulanyjylar öýjükli aragatnaşyk we Wi-Fi zolagyndan daşarda bolanlarynda, «Apple» kompaniýasynyň rewolýusion hemra funksiýalary, şol sanda hemra arkaly gyssagly SOS mümkinçiligi, ýoldaky kömek, habarlar we «Find My iPhone» funksiýasy iň zerur pursatlarda aragatnaşykda galmak ýaly wezipelerde kömek edýär.

Üç sany täze dizaýndaky — gara, ak we täze owadan açyk gülgüne reňklerde elýeterli bolan «iPhone 17e» üçin deslapky sargytlar şu gün — 4-nji martda, has takygy çarşenbe gününden başlanar, satuwa bolsa 11-nji martda çykar. «iPhone 17e» modeli 256 GB ýady bilen tapawutlanyp, 599 dollardan başlanýan baha bilen hödürlener — bu şol bir başlangyç bahada öňki nesilden 2 esse, «iPhone 12-den» bolsa 4 esse köp ýat diýmekdir.

Owadan dizaýn we ýokary durnuklylyk

«iPhone 17e» uzak wagtlap hyzmat etmek üçin döredildi. Ol «awiakosmos» derejesindäki alýuminiýden ýasalan durnukly we ýeňil gabarasy bilen tapawutlanýar hem-de «IP68» standarty boýunça suwdan we tozandan goralýar. Onuň öňki panelindäki «Ceramic Shield 2» aýnasy islendik smartfonyň aýnasyndan has berktir.

Ýokary öndürijilik we aýratyn netijelilik

«iPhone 17e» iň döwrebap 3 nanometrlik tehnologiýa bilen ýasalan «A19» prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr. Has çalt we netijeli 6 ýadroly prosessor — «iPhone 11-den» 2 esse çalt — suratlara seretmekden başlap, «Apple Intelligence» maksatnamasynyň «Clean Up» ýaly çylşyrymly mümkinçiliklerine çenli ähli işi başarýar. Täzelenen 16 ýadroly «Neural Engine» bolsa emeli intellekt modelleriniň öňküsinden has çalt işlemegini üpjün edýär.

Kamera ulgamy we wideogözellik

48 megapiksellik «Fusion» kamerasy gijeki düzgünde hem ýokary detallary saklaýar. Täze nesil portret düzgüni adamlary, itleri we pişikleri tanap bilýär we surata düşürilenden soň hem fokus nokadyny üýtgetmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de enjam 60 surat/sekunt tizlikde «4K Dolby Vision» wideolaryny düşürýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info