Amerikanyň meşhur elektronika öndürijisi bolan «Apple» täzeden dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. «TradingView» platformasynyň maglumatlary muňa aýdyň güwä geçýär.
«Apple» kompaniýasynyň bazar gymmaty 4,88 trillion dollarlyk sepgide ýetdi. «NVIDIA» kompaniýasynda bolsa bu görkeziji pesräk — 4,85 trillion dollar.
«Financial Times» neşiriniň habar bermegine görä, «Apple» soňky bir ýylyň içinde ilkinji gezek esasy bäsdeşinden öňe geçmegi başardy. Bilermenleriň pikiriçe, maýadarlar kompaniýanyň emeli aň bazaryna dolanyp biljekdigine we maglumatlary gaýtadan işleýän merkezlere ägirt uly hem-de töwekgelçilikli maýa goýumlaryny goýmakdan gaça durup biljekdigine has berk ynanýarlar.
«Käbir maýadarlar «iPhone» öndürijisini emeli aň bazarynda ygtybarly duralga hasaplaýarlar, sebäbi kompaniýa bäsdeşlerinden tapawutlylykda, çipler we maglumat merkezleri üçin ýüzlerçe milliard dollar sarp etmek borjuny öz üstüne almady» diýip, «Financial Times» belleýär.
