27-nji dekabrda Aşgabatda diýseň ajaýyp aýdym-saz agşamy bolup geçdi. Eýran-şwed aýdymçysy Araş Labaf baýramçylyk konserti bilen çykyş etdi. Ajaýyp aýdymlarynyň her biri dünýäniň pop medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen artistiň konserti türkmenistanlylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.
Dünýä derejesinde uly meşhurlykdan peýdalanýan ýyldyzyň solo konserti ýurduň medeni durmuşynda ajaýyp waka öwrülip, müňlerçe diňleýjini paýtagtyň Gyşky oýunlar sport toplumyna jemledi.
Öz döwründe dünýäniň belli aýdym-saz çartlarynda öňdäki orunlary eýelän «Broken Angel», «Boro Boro» we «Pure Love» ýaly meşhur aýdymlaryň awtory paýtagtymyzyň Täze ýyl maksatnamasynyň iň sabyrsyzlyk bilen garaşylan myhmanlarynyň biri boldy.
