Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň FIFA derejeli emini Timur Ramazanow häzirki günlerde Indoneziýada dowam edýän futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň çäginde geçirilen Ýaponiýa bilen Awstraliýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik etdi.
Bu duşuşykda türkmenistanly emine Bahreýniň FIFA derejeli emini Abdulrahman Al-Doseri ýardam berdi.
«C» toparçanyň çäginde geçirilen oýun 6:2 hasabynda Ýaponiýanyň milli ýygyndy toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň ýygyndysy Aziýa futzalynyň öňdebaryjylarynyň biri bolup, ol yklymyň dört gezek çempionydyr.
Şol toparçanyň beýleki duşuşygynda bolsa Özbegistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
Şeýle-de bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmeni Wadim Baratowyň gözegçi emin hökmünde çykyş edýändigini bellemek gerek.
Futzal boýunça 18-nji gezek geçirilýän Aziýa Kubogy 7-nji fewrala çenli dowam eder. Indoneziýanyň bu yklym ýaryşynyň final tapgyryny eýýäm ikinji gezek kabul edýändigini ýatladýarys.