ITTC 2026-nyň çäklerinde «Argus» nyrh agentliginiň Türkmenistandaky ilkinji ýörite mejlisi geçiriler

MilliInfo
ITTC 2026-nyň çäklerinde «Argus» nyrh agentliginiň Türkmenistandaky ilkinji ýörite mejlisi geçiriler

Meşhur «Argus» nyrh agentligi şu ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň (ITTC 2026) çäklerinde ilkinji gezek Türkmenistandaky ýörite mejlisini geçirer. Bu barada «OGUZ Forum | Expo» habar berýär.

«Argusyň» Merkezi Aziýada işewürligi ösdürmek boýunça wise-prezidenti Timur Ilýasow mejlisiň moderatory hökmünde çykyş eder. Kompaniýanyň hünärmenleri halkara haryt-çig mal bazarlaryndaky we Merkezi Aziýadaky esasy ugurlar hem-de baha görkezijileri barada giňişleýin gürrüň bererler. Mundan başga-da, maslahata suwuklandyrylan uglewodorod gazy we nebithimiýa, mineral dökünleri hem-de ýangyç bazarlary boýunça hünärmenler gatnaşarlar.

1970-nji ýylda Londonda esaslandyrylan «Argus» dünýäniň öňdebaryjy garaşsyz nyrh agentlikleriniň biridir. Onuň çig mal söwdasynyň ösen merkezlerinde 32 sany edaralary hereket edýär we olarda 1500-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. «Argusyň» nyrh kotirowkalary energetikada, çig mal söwdasynda we ulag pudagynda geleşikler üçin görnükli esas bolup hyzmat edýär.

«Argusyň» maglumatlary Türkmenistanda hem nebitiň, nebit önümleriniň, suwuklandyrylan gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportynyň bahalaryny kesgitlemekde ulanylýar. Nyrh kotirowkalaryny hasaplamagyň usulyýeti bolsa Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýalaryň halkara guramasynyň (IOSCO) halkara ýörelgelerine laýyklygy boýunça her ýyl garaşsyz auditden geçirilýär.

ITTC 2026 halkara maslahaty we sergisi 24–26-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Çäre barada giňişleýin maglumat we hasaba alyş ittc-tm.com web saýtynda elýeterlidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info