AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde paýtagtymyzda geçiriljek «Arkadag» bilen «Al-Nassr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen janköýerleriň stadiondaky oturmaly ýerlerini çalt we amatly tapmagy üçin degişli maglumatlar berilýär. Bu barada Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Peteklerde görkezilen sektoryň san belgisi stadiona haýsy girelgäniň has amatlydygyny kesgitleýär. Stadionyň daş-töwereginde ýerleşdirilen girelgeleriň her biriniň diwarynda onuň haýsy sektorlara eltýändigini görkezýän uly san belgiler ýerleşdirilendir.
Şeýle-de sektoryň san belgisi janköýerlere orunlarynyň haýsy gatda ýerleşýändigini hem aňladýar. Eger san belgisi 1-lik bilen başlanýan bolsa orunlar birinji gatda ýerleşýär. 2-lik bilen başlanýan bolsa öz ornuňyzy ikinji, 3-lük bilen başlanýan bolsa üçünji gatdan gözläp bilersiňiz. Şoňa görä-de, degişli basgançaklardan ýokary galmak zerurdyr.
Eger-de janköýerler orunlaryny tapmakda kynçylyk çekseler, stadionyň ähli ýerinde hyzmatda boljak meýletinçilere ýüz tutup bilerler. Olar gysga wagtyň dowamynda size zerur kömegi bererler.