«JAHAN» Bilimli Çagalar Dünýäsi» taýýarlyk mekdebi «Arkadag City International School» diýen at bilen tanalýan ajaýyp mekdebe okuwa girmäge gönükdirilen maksatnama boýunça 5-6 ýaşly çagalaryň kabul edilşigini yglan etdi.
Maksatnama «Cambridge Pathways» ulgamy boýunça okatmagy, iňlis dili gurşawyna doly aralaşmagy hem-de halkara derejeli mugallymlar bilen işlemegi öz içine alýar. Bu ýerde pikirlenmäni, sözleýşi, döredijilik ukyplaryny we durmuş endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Mekdepde bilim beriş işiniň halkara ölçegleriniň Türkmenistanyň milli gymmatlyklary we medeni aýratynlyklary bilen utgaşdyrylýandygy, şahsy çemeleşmäniň bolsa çagalaryň mümkinçiliklerini hem ukyplaryny doly ýüze çykarmaga ýardam edýändigi tassyklanylýar.
Okuwlar 2027-nji ýylyň sentýabrynda başlanýar, ýerleriň sany çäklidir.
Okuwa ýazylmak üçin mekdebiň jahan_doredijilik_merkezi Instagram hasaby ýa-da admissions@acis.tm elektron poçtasy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.