«Arkadag» futbol kluby Antalýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär

MilliInfo

3 sagat öň

@arkadag fk

Düýn — 12-nji ýanwarda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol kluby Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başlady.

Türkmen toparynyň baş tälimçisi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ykjam türgenleşikler klubuň wekilleriniň taktiki hem-de fiziki taýýarlygyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkiýe Respublikasynda geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 2-nji fewrala çenli dowam eder.

Arkadag şäheriniň toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2 bäsleşiginiň 1/8 tapgyrynyň çäginde «Al-Nassr» toparynyň garşysyna ýaýbaňlandyryljak duşuşygyň öňüsyrasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy «Arkadag» futbol klubunyň ähmiýetli oýnuň öňüsyrasyndaky ykjam taýýarlyklarynyň möhüm tapgyrydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info