«Arkadag» toparyy möwsümdäki üçünji ýeňşini gazandy. Arkadag şäheriniň topary ýurdumyzyň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Topar final oýnunda «Ahal» klubuny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr üçünji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Ýeri gelende ýatlasak, geçen iki möwsümde hem Kubok bäsleşiginiň finalynda hut şu iki topar duşuşypdy.
Final duşuşygynyň yzysüre toparlara ýurdumyzyň Kubogynda eýe bolan baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanan «Arkadag» toparynyň medallary gowşuryldy. Ýeňijilere baýraklary Türkmenistanyňn Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow, TFF-niň başlygynyň orunbasary Nazar Çöliýew hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekili Juma Jumaýew gowşurdy.
Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy:
«Arkadag» – «Ahal» – 2:1
Gollar: 67 (11 m.j.u.), 77 Şamämmet Hydyrow («Arkadag») – 24 Ýakupmuhammet Gowşudow («Ahal»)
