AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2: «Arkadag» futbol topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny kabul eder

MilliInfo

5 sagat öň

Ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleýji, bäşinji tapgyrynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder.

Duşuşyk Arkadag şäheriniň adybir stadionynda geçiriler.

Oýun 24-nji dekabrda ýerli wagt bilen 21:00-da başlanýar.

Ýeri gelende bellesek, «B» toparçasynda çykyş etmek bilen, häzir 4 utuga eýelik edýän türkmen toparynyň toparçadan liganyň utulan-çykdy tapgyryna çykmaga mümkinçiligi bar.

«Arkadag» toparyna bilelikde janköýerlik edeliň! Biz türkmen klubunyň jogapkärli oýny ýeňiş bilen jemlemegini arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info