«Arkadag» futbol topary düzümini Rahman Myratberdiýew hem-de Daýanç Meredow bilen güýçlendirdi

MilliInfo

6 Ýanwar, 2026

tkm_sport

«Arkadag» futbol topary zehinli futbolçylaryň ýene ikisini düzümine goşdy.

Şolaryň biri-de häzire çenli «Altyn Asyr» futbol toparynda çykyş eden Rahman Myratberdiýew bolup, 24 ýaşyndaky tejribeli futbolçy çep ganatdan hüjüme geçmekde ajaýyp mümkinçilige eýelik edýär. Iki gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başaran R.Myratberdiýew özboluşly tehnikasy bilen türkmenistanly janköýerleriň uly hormatyndan peýdalanýar.

Arkadag şäheriniň toparynyň ýene bir transferi «Köpetdag» toparyndan Daýanç Meredow boldy. 22 ýaşly futbolçynyň «Ahal» topary bilen ýurdumyzyň çempiony bolandygyny hem ýatlamak gerek. Futbol meýdanynda ýokary tizligi bilen tapawutlanýan Daýanç meýdançada tapawutlanýar. Ol garşylyklaýyn hüjümleri guramakda tejribeli futbolçy hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde hem garşydaş toparyň goragyny böwsüp geçmek ukyby bilen özüni görkezdi.

Rahman Myratberdiýewi hem-de Daýanç Meredowy transfer etmegi «Arkadag» toparynyň diňe täze möwsüme däl, eýse «AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2» bäsleşiginiň 1/8 finalyndaky «Al-Nassr» topary bilen boljak duşuşyklara hem ýokary derejede taýýarlanýandygyny görkezýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info