Geçen möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi bolan «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we abraýly ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Türkmen toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 45-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.
Türkmen topary nobatdaky pleý-off tapgyrynda «Al-Nassr», «Al-Wasl» ýa-da «Al-Hussein» kluby bilen duşuşar. Elbetde, muny 30-njy dekabrda çekiljek bijeler kesgitlär. Biz şu toparlaryň haýsy biriniň garşysyna çyksa-da, synmaz erkiniň, gujur-gaýratynyň hem egsilmez ynamynyň türkmen klubuny ýeňşe ýetirjekdigine ynanýarys.
Elbetde, nobatdaky garşydaş Saud Arabystanynyň çempiony «Al-Nassr» topary bolsa türkmenistanly janköýerler ýatdan çykmajak taryhy futbol baýramçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Çünki dünýä futbolunyň rowaýata öwrülen ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň türkmen topragynda — Arkadag şäherinde çykyş etmegi hakydamyzda ebedi orun aljak waka öwrüler.
«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
