12-nji awgustda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň deslapky tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy. Duşuşyk «Arkadag» stadionynda geçirildi.
Oýunyň birinji ýarymynda hasap açylmady. Emma arakesmeden soň türkmen kluby janköýerlerini gollar bilen begendirdi.
Hasaby 61-nji minutda hüjümçi Meýlis Diniýew açdy. Bary-ýogy dört minut geçenden soň, «Arkadagyň» ýene bir hüjümçisi Rahman Myratberdiýew 65-nji minutda tapawudy iki gola çykardy.
Duşuşygyň ahyrky hasabyny bolsa toparyň goragçysy Arzuwguly Sapargulyýew kesgitledi. Ol 75-nji minutda jerime urgusyndan üçünji pökgini geçirip, «Arkadagyň» 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňşini üpjün etdi.
Bu ajaýyp netije «Arkadag» futbol klubyna 2026/27-nji möwsüminde AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik berdi.
