«Arkadag» hem-de «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň onlaýn satuwy başlandy

MilliInfo

3 sagat öň

Aşgabat şäheriniň häkimligi AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda türkmen paýtagtynda geçiriljek birinji duşuşygyna petekleriň onlaýn satuwyny işe girizdi. Duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa stadionynda geçýär. Oýun 18:45-de başlanýar.  

Petekleri satyn almak üçin  Aşgabat şäheriniň häkimliginiň resmi saýtyndan (www.ashgabat.gov.tm) hem-de «Sanly şäher» mobil goşundysyndan peýdalanyp bilersiňiz. Petekleriň bahasy — 200 manatdan 400 manada çenli. Bahalar siziň saýlan ornuňyza baglydyr.

Ýeri gelende bellesek, her bir petek özboluşly QR-kody bilen tapawutlanyp, ol stadiona giriş wagtynda alyjynyň şahsyýetini tassyklaýar. Janköýerler ýany bilen pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny getirmelidir. Munuň özi peteklerdäki maglumatlaryň size degişlidigini tassyklamak üçin möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, guramaçylar resmi bolmadyk satyjylardan petekleri satyn almagyň gadagandygyny ýatladýar.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info