«Arkadag» — «Ahal»: Türkmenistanyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk size garaşýar

MilliInfo

3 sagat öň

«Arkadag» — «Ahal»: Türkmenistanyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk size garaşýar

Ýurdumyzda futbol möwsümi Superkubok ugrundaky duşuşyk bilen başlar, onda «Arkadag» we «Ahal» toparlary duşuşar. Möwsümiň ilkinji Kubogynyň eýesi 2-nji awgustda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda belli bolar. Duşuşygyň başlanjak wagty 17:45.

«Arkadag» topary ýurdumyzyň çempiony hökmünde bu duşuşyga gatnaşmaga hukuk gazandy. «Ahal» topary bolsa geçen möwsümde Türkmenistanyň Kubogynyň finalçysy hökmünde gatnaşýar.

Häzirki çempionatda «Ahal» topary täze baş tälimçi Eziz Annamuhammedowyň ýolbaşçylygynda çykyş edýär. Ýokary liganyň birinji tapgyryndan soň, «Ahal» 30 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orunda barýar. Ol 29 utugy bolan «Altyn Asyr» toparyndan bir utuk öňe saýlandy. Çempionatyň başynda bolsa 42 utuk bilen «Arkadag» topary ýerleşdi.

Iki topar hem şu ýyl halkara ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik ederler. «Ahal» çykyşyna AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan başlar, «Arkadag» bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyryna gatnaşmak ugrunda göreşer. Munuň üçin ýurduň çempiony 12-nji awgustda öz meýdançasynda Hindistanyň «Goa» kluby bilen duşuşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info