«Arkadag» topary Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda «Al-Nasr» bilen boljak duşuşyklara taýýarlyk görýär

MilliInfo

23 sagat öň

«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň pleý-off tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy geçiriljek möhüm oýunlara taýýarlyk görüp başlady. 7-nji ýanwarda topar 2026-njy ýyldaky ilkinji güýçlendirilen türgenleşigini Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirdi.

Türkmenistanyň häzirki çempionynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu türgenleşik gyşky taýýarlyk tapgyrynyň başlangyjy boldy. Tälimçiler düzümi esasy ünsi gysga wagtlyk arakesmeden soň, futbolçylaryň oýun ukyplaryny we fiziki ýagdaýyny dikeltmäge gönükdirdi.

«Arkadag» futbol klubunyň we «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň tertibi:

  • 11-nji fewral: Birinji duşuşyk Aşgabat şäheriniň Olimpiýa stadionynda geçiriler.

  • 18-nji fewral: Jogap oýny myhmançylykda, Saud Arabystanynda bolar.

Öňde boljak bu oýunlar janköýerleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Duşuşyklar diňe bir Aziýanyň abraýly ýaryşynyn̈ çärýek finalyna çykmak ugrundaky çekeleşikli göreş bolman, eýsem, dünýä futbolynyň ýyldyzlaryny ýurdumyzda görmek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info