«AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynda möhüm oýun: «Arkadag» topary «Gol Gohar» klubyny kabul edýär

MilliInfo

4 Noýabr, 2026

«AFK Çempionlar Ligasy-2» ýaryşynda möhüm oýun: «Arkadag» topary «Gol Gohar» klubyny kabul edýär

Şu gün «Arkadag» futbol kluby 2026/2027-nji ýyllaryň möwsüminiň «AFK Çempionlar ligasy — 2» ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryndaky dördünji duşuşygyny geçirer. Çarşenbe güni — 4-nji noýabrda ýurdumyzyň çempiony öz meýdançasynda Eýranyň «Gol Gohar» toparyny kabul edýär.

Jogapkärli oýun Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de badalga alar.

Stadionda tomaşa etmekden başga-da, janköýerler bu gyzykly duşuşygy göni ýaýlymda synlap bilerler: oýnuň ýaýlymy «The AFC Hub» resmi YouTube-kanalynda, şeýle hem «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly görkezilmegine garaşylýar.

Toparçadaky ýagdaýlar

Öňde boljak duşuşyk «B» toparçadaky orunlary paýlaşmakda we pleý-off tapgyryna çykmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji üç tapgyrdan soň, Birleşen Arap Emirlikleriniň 7 utuk toplan «Al-Jazira» kluby toparçada birinjiligi eýeleýär. Onuň yzy bilen 4 utugy bolan «Arkadag» topary barýar. Üçünji orny 3 utuk toplan Bahreýniň «Al-Muharrak» topary eýeleýän bolsa, 2 utugy bolan Eýranyň «Gol Gohar» kluby toparçany jemleýär.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, toparçalaýyn tapgyr alty duşuşykdan ybarat bolup, birinji we ikinji orunlary eýelän klublar ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazanarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info